Hulusi Akar Nahçiwanda saparda bolýar

Türkiýäniň Goranmak ministri Hulusi Akar, Nahçiwan Erkin birleşik goşun serkerdeliginiň ýeten derejesiniň örän guwandyryjydygyny belledi

1216492
Hulusi Akar Nahçiwanda saparda bolýar

Hulusi Akar, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň Ýaragly güýçleriniň bilelikde geçirýän “Egsilmez doganlyk 2019” atly harby türgenleşigiň synçy gününe gatnaşmak üçin düýn baran Azerbaýjanyň Nahçiwan Awtonom Respublikasynda duşuşyklar geçirýär.

Nahçiwan Erkin birleşik goşun serkerdeligine baran ministr Akar, ol ýerde Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanow tarapyndan dabara bilen garşylandy.

Hulusi Akar, ol ýerde serkerdeligiň ýörite depderine gol çekdi.

Ministr Akar, ondan soň bolsa Azerbaýjanyň Goranmak ministri Hasanow bilen toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdi.

Gepleşiklerden soň Akar, serkerdelikdäki tälim merkezine baryp görüp, ol ýerde gullyk edýän esgerler bilen söhbetdeş boldy, edýän işleri barada maglumat aldy.

Tälim meýdançasyndaky esgerlere salam beren Akaryň ondan soňky duralgasy bolsa Haýdar Aliýew harby liseýi boldy. Akar ol ýerde bilim alýan okuwçylaryň synplaryna bardy, mekdebiň serkerdesinden berilýän bilim barada maglumat aldy.



Degişli Habarlar