Gazagystanda prezident saýlawy geçirildi

Kasym Jömert Tokaýew sesleriň 70,13 göterimini alyp ýaňadandan  Gazagystanyň prezidentligine saýlandy

1215370
Gazagystanda prezident saýlawy geçirildi

Gazagystanda geçirlen irki prezident saýlawynda häzirki prezident Kasym Jömert Tokaýew sesleriň 70,13 göterimini alyp ýaňadandan  Gazagystanyň prezidentligine saýlandy

“Jemgyýetçilik garaýyş” institutynyň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Aýnur Mažitowa, metbugata beren beýanatynda, ýurtda 325 müň saýlaw merkezinde 13200 saýlawçynyň arasynda sowalnama geçirendiklerini nygtady

Aýnur Mažitowa sowalnamanyň netijeleriniň Nur Otan partiýasynyň dalaşgäri  Kasym Jömert Tokaýewiň sesleriň 70, 13 göterimini alandygyny görkezýändigini belledi.

Komunistler Halk partiýasynyň dalaşgäri Žambyl Ahmetbekow sesleriň 3,86, Gazagystan Demokrat partiýasynyň dalaşgäri Daniýa Ýespaýewa sesleriň 5,82, Milletiň ykbaly partiýasynyn dalaşgari Amiržan Kosanow sesleriň 15,39, Halk demokratik watansöýer partiýasynyň dalaşgäri Toleutaý Rahimbekewa bolsa sesleriň 3,3 göterimini aldy

 

 

 



Degişli Habarlar