Azerbaýjanyň goşuny giň gerimli harby türgenleşik başlatdy

Azerbaýjanyň goşuny 10 müň esgeriň gatnaşmagynda giň gerimli harby türgenleşik başlatdy

Azerbaýjanyň goşuny giň gerimli harby türgenleşik başlatdy

Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Prezident Ilham Aliýew tarapyndan tassyklanan meýilnama laýyklykda ýurdyň Goranmak ministri Zakir Hasanowyň ýolbaşçylygynda geçirilýän türgenleşige, goşunyň tapawutly birikmelerinden harby bölümleriň gatnaşýandygy mälim edildi. 

Hem gündiz hem-de gije geçiriljek türgenleşige takmynan 150 taňk we sowutly ulag, 200 raketa we top ulgamy, 35 uçar we dikuçar gatnaşýar. 

Türgenleşik 24-nji maýa çenli dowam eder. 

 



Degişli Habarlar