Türkiýe-Tatarystan işewürler maslahaty geçirildi

"Türkiýe bilen Tatarystanyň arasynda hyzmatdaşlyk şertnamalary bar"

Türkiýe-Tatarystan işewürler maslahaty geçirildi

 

Russiýanyň Federassiýasynyň Tatarystan Awtanomiýasynyň Prezidenti Rüstem Minnihanow, Russiýada 20 million musulmanyň ýaşaýandygyny ynygtady we halal önüm önümçiliginde  Türkiýe bilen işleşjekdiklerini aýtdy.

Minnihanow, Stambulda geçirlen Türkiýe-Tatarystan işewürler maslahatynda eden çykyşynda, maslahatyň çäginde täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin täze ylalaşyklaryň gazanyljakdygyna ynanýandygyny nygtady.

Minnihanow Türkiýe bilen Tatarystanyň arasynda hyzmatdaşlyk şertnamalarynyň bardygyny aýtdy.

Minnihanow Kazan bilen Stambulyň arasyndaky uçar saparlarynyň hepde-de 6 gezek guralmagynyň diýsen möhümdigini belledi.

Minnihanow “Türkiýe ýurdumyz üçin esasy hyzmatdaşlardan biri. Biz özara söwda gatnaşyklarymyzyň has-da artdyrylmagyny isleýäris. Türkiýeden bizin ýurdumyza 2 milliard dollardan gowrak maýa goýuldy. Maýa goýumlar üçin işewürlere we türk hökümetine sag bolsun aýdýaryn” diýdi.

Tatarystan Awtanomiýasynyň Prezidenti Rüstem Minnihanow, halkara senagat zolagynyň döredilmegini isleýändiklerini nygtady.

 

 

 

 



Degişli Habarlar