Jawad Zarif Aşgabatda saparda bolýar

Zarif saparynyň çäginde Döwlet Ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedow we Daşary işler ministri Raşit Meredow bilen duşuşdy

Jawad Zarif Aşgabatda saparda bolýar

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jawad Zarif Türkmenistana guraýan saparynyň çäginde Döwlet Ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedow we Daşary işler ministri Raşit Meredow bilen duşuşdy

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň internet sahypasynda berilen beýannama görä Zarif bilen Berdimuhamedow iki ýurduň gatnaşyklarynyň ýany bilen sebitleýin we halkara ähmiýetli meseleler barada pikir alyşdy.

Zarif soň bolsa türkmen kardeşi Meredow bilen duşuşdy. Meredow-Zarif duşuşygynda bolsa Owganystan, demir ýol gatnawy we üstaşyr geçişler, energetika we elektrik pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk, iki ýurtda tussaglykdaky Eýranyň we Türkmenistanyň raýatlarynyň ýagdaýy, Hazar deňiziniň hukuk derejesi, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýrana gurajak sapary barada pikir alyşyldy.

Duşuşykda Medow Zarifiň Türkmenistana guraýan saparynyň ähmiýetine ünsi çekip, Eýran bilen ähli ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek boýunça syýasy ygtyýaryň bardygyny beýan etdi.

Zarif bolsa Türkmenistan bilen Eýranyň köp sanly ugurda umumy bähbidiniň bardygyny we özara gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine taýardyklaryny aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministri Jawad Zarif düýn resmi wekiliýet bilen Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada barypdy.



Degişli Habarlar