Hytaýyň hökümeti Sinszýan-Uýgur Awtonom Respublikasyndaky metjitleri ýumurýar

Hytaýyň hökümetiniň Sinszýan-Uýgur Awtonom Respublikasynda aralarynda ýüzlerçe ýyllyk metjitler we aramgähler bolan jemi 33 dini ýeri dolulygyna ýa-da bölekleýin häsýetde ýumurandygy öňe sürüldi

Hytaýyň hökümeti Sinszýan-Uýgur Awtonom Respublikasyndaky metjitleri ýumurýar

Britaniýanyň Guardian we "Bellingcat" saýtynyň berýän habaryna görä, Hytaýda uýgurlara degişli bolan metjitleriň ýumrulmagy bilen bagly täze maglumatlar orta çykdy. 

Emeli hemranyň alan suratlarynyň we wideolarynyň, sebitiň ýaşaýjylarynyň beren maglumatlarynyň we kartogrammanyň saýasynda 100 metjit we aramgäh kesgitlenip, olaryň soňky ýagdaýlary gözden geçirildi. 

Gupba we minara ýaly aýratynlyga eýe bolan 91 binadan 31 metjide we 2 uly aramgähe 2016-2018-nji ýyllar aralygynda zeper ýetendigi kesgitlendi. 

Mundan başgada gupba we minara ýaly kesgitleýji aýratynlyga eýe bolmaýan, emma Sinszýan-Uýgur Awtonom Respublikasynyň ýaşaýjylarynyň metjidigini aýdan ýene-de 9 binanyň ýok edilendigi mälim edildi. 

 



Degişli Habarlar