Gazagystanda 23-nji aprel Milli hâkimiýet we çagalar baýramy bellenilip geçildi

Ilçi Uýanyk Atatürküň çagalara sowgat eden Milli hâkimiýet we çagalar baýramynyň ähmiýetine ünsi çekdi

Gazagystanda 23-nji aprel Milli hâkimiýet we çagalar baýramy bellenilip geçildi
Gazagystanda 23-nji aprel Milli hâkimiýet we çagalar baýramy bellenilip geçildi
Gazagystanda 23-nji aprel Milli hâkimiýet we çagalar baýramy bellenilip geçildi

Gazagystanda 23-nji aprel Milli hâkimiýet we çagalar baýramy bellenilip geçildi

Gazagystanyň paýtagty Nur Soltan şäherinde 23-nji aprel Milli hâkimiýet we çagalar baýramy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi

Türkiýäniň Gazagystandaky ilçihanasy bilen Astana Ýunus Emre instituty tarapyndan ilçihanada geçirlen dabara, Türkiýäniň Gazagystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Newzat Uýanyk, ilçihananyň we Ýunus Emre institutynyň işgärleri bilen birlikde Sos çagalar öýüniň çagalary gatnaşdy.

Ilçi Uýanyk dabarada eden çykyşynda, Atatürküň çagalara sowgat eden Milli hâkimiýet we çagalar baýramynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Dabarada türk we gazak aýdym sazlary ýerine ýetirildi.

Dabaranyň çäginde  açylan Türkiýe-Gazagystan doganlygy temaly sergide çagalaryň çeken suratlary sergilendi.

 

 

 



Degişli Habarlar