12-nji Siriýa maslahaty öz işini tamamlady

ABŞ-nyň basyp alyşlygy astyndaky Golan depelerinde Ysraýylyň özbaşdaklygyny ykrar edýän kararyny ýazgardy.

12-nji Siriýa maslahaty öz işini tamamlady

Türkiýe, Russiýa we Eýran, Gazagystanyň paýtagty Nur Soltan şäherinde geçirlen hemaýatkär ýurtlaryň 12-nji Siriýa maslahatynda, ABŞ-nyň basyp alyşlygy astyndaky Golan depelerinde Ysraýylyň özbaşdaklygyny ykrar edýän kararyny ýazgardy.

Maslahatyň ikinji gününde taraplaryň jemleýji jarnamanyň kabul edilmegi meselesinde iki taraply we üçtaraply gepleşikler geçirdi.

Gazagystanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Muhtar Tleuberdi, Türkiýäniň, Russiýanyň, Eýranyň, Siriýanyň hökümetiniň we oppozisionerleriň gatnaşmagyndaky maslahatda jemleýji jarnamany okady.

Jarnamada taraplaryň Siriýanyň territorial bitewiligine, garaşsyzlygyna we özbaşdaklygyna sarpa goýýandyklary nygtaldy, şol ýörelgelere ähliumumy gymmatlyk hökmünde sarpa goýulmalydygyna üns çekildi.

Jarnamada ýurtda DAIŞ, Nusra fronty, Tahrir Şam ýaly BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň terror guramalarynyň sanawyndaky beýleki guramalara garşy göreşiň dowam etjekdigine üns çekildi.

Maslahatyň jemleýji jarnamasynda hemaýatkär ýurtlaryň Astana maslahatynyň geçirilmegine goşan goşandy sebäpli Gazagystanyň ozalky Prezidenti Nursoltan Nazarbaýewe sag bolsun aýdyldy.

Hemaýatkär ýurtlaryň 13-nji Siriýa maslahatynyň iýul aýynda Nur Soltan şäherinde geçirilmegi barada karar kabul edildi.

 



Degişli Habarlar