Türkiýe bilen Azerbaýjan bilelikde harby türgenleşik geçirer

“Mustafa Kemal Atatürk 2019” türgenleşigine gatnaşjak türk esgerleri dabaraly ýagdaýda garşylandy

Türkiýe bilen Azerbaýjan bilelikde harby türgenleşik geçirer

 

Türkiýäniň we Azerbaýjanyň ýaragly güýçleri maý aýynyň 1-3-i aralygynda Azerbaýjanda bilelikde harby türgenleşik geçirer

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berlen beýanata görä, iki ýurduň arasyndaky harby hyzmatdaşlygyň çäginde geçiriljek türgenleşige gatnaşjak türk esgerleri Azerbaýjana bardy

“Mustafa Kemal Atatürk 2019” türgenleşigine gatnaşjak türk esgerleri dabaraly ýagdaýda garşylandy.

Türgenleşik iki ýurduň ýaragly güýçleriniň arasyndaky utgaşyklygyň ösdürilmegini maksat edinýär

Bilelikdäki harby türgenleşige iki ýurduň esgerleri bilen birlikde sowutly ulaglar, uçarlar, dikuçarlar we howa goranyş ulgamlary gatnaşar

 

 



Degişli Habarlar