Mustafa Akynjy, Jeýn Holl Lut bilen duşuşdy

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň (DKTR) Prezidenti Mustafa Akynjy, BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň Kipr meselesi üçin bellän wagtlaýyn ýörite maslahatçysy  Jeýn Holl Lut bilen duşuşdy

1179134
Mustafa Akynjy, Jeýn Holl Lut bilen duşuşdy

Mustafa Akynjy Prezident köşgünde Lut bilen duşuşdy.

Beýleki tarapdan bolsa, DKTR-nyň Wise-premýeri we Daşary işler ministri Kudret Özersaý, Kipriň grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadis bilen Lutyň düýn geçiren duşuşygyndan soň, grek metbugatynda berilen habarlaryň üstünde durup geçdi.

Facebookyň üsti bilen beýanat beren Özersaý, Nikos Anastasiadisiň stola goýan täze pikirleriniň syýasy deňsizligi artdyrýandygyny we onuň heňländigini belledi.

Grek metbugaty Anastasiadisiň duşuşykda orta atan pikirleriniň biriniň “Kipr meselesiniň çözgüdinden soň, gezekleşýän premýer ministrler bilen Kiprli grek Prezident we kiprli türk wise-premýeriň boljak parlamentar bir ulgam boljakdygyny” öňe sürdi.


Etiketkalar: #Mustafa Akynjy , #DKTR , #BMG

Degişli Habarlar