Ilham Aliýew: “Reformalar geçiriler”

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, geçen ýyl geçirilen Prezident saýlawlaryndan soň ýurtda köptaraplaýyn reformalaryň geçirilmäge başlanandygyny habar berdi

1167260
Ilham Aliýew: “Reformalar geçiriler”

Nowruz baýramy mynasybetli Azerbaýjan halkyna ýüzlenip çykyş eden Aliýew, reformalarda täze etaba girendiklerini nygtap: “Ykdysady reformalarymyz goşmaça girdejiler almagymyza we býujet girdejilerimizi artdyrmaga mümkinçilik berýär. Býujediň girdejisi şu ýylyň ýanwar-fewral aýlary aralygynda 150 million manat artdy. Bu girdejileri sosial taslamalarymyza gönükdireris” diýdi.

Azerbaýjanyň ýeten sosial we ykdysady sepgidiň üstünde durup geçen Aliýew: “Reformalar giňeldiler. Reformalaryň alternatiwalary ýok. Syýasy, ykdysady, sosial, adalat we kanun, bilim we saglygy goraýyş ýaly ähli ugurlar boýunçä täze reformalar geçiriler. Degişli buýruklar berildi we reformalar pakedi taýýarlanýar” diýdi.

Azerbaýjanyň täze bir eýýama gadam basandygyny aýdan Aliýew: “Azerbaýjan täzelenýär, güýçlenýär we döwrebaplaşýar. Çuň milli we ruhy köke eýe bolan güýçli dir döwlet gurdyk. Azerbaýjan taryhda hiç wagt bu derejede güýçli bolmandy, emma bu ýetilen sepgitde durjakdygymyzy aňlatmaýar. Ýeten sepgitlerimiz geljegimizi has oňyn görmegimize mümkinçilik döredýär. Şu ýyly hem üstünlikli tamamlajakdygymyza ynanýaryn. Azerbaýjan mundan soň diňe we diňe ösüş we galkynyş ýoly bilen gider, raýatlarymyzyň sosial durmuşy ýyl saýyn has hem gowylaşar” diýdi.



Degişli Habarlar