Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew wezipesinden çekildi

Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew wezipesinden çekilendigini mälim etdi

Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew wezipesinden çekildi

Nursoltan Nazarbaýew, Prezident hökmünde öz wezipesinden çekilmegi bilen bagly karararnama gol çekdi

Nazarbaýew, döwlet telewideniýesiniň üsti bilen beren beýanatynda, şu gün halka ýüzlenip edýän çykyşynyň aýratyndygyny, özi üçin kyn bir karar kabul edýändigini belläp: "Prezident hökmünde öz wezipämden çekilmek bilen bagly karararnama gol çekdim" diýdi. 

Prezident Nazarbaýew, wezipe möhlediniň gutarýança çenli Prezident wezipesini Senatyň başlygy Kasym Jomart Tokaýewe berjekdigini, Prezidentiň kasam edişlik dabarasynyň ertir parlamentde geçiriljekdigini habar berdi. 

Prezident Nazarbaýew, çykyşyndan soň 20-nji martdan başlap Prezident  wezipesinden çekilmek bilen bagly karararnama gol çekdi. 

Parlamentde ertir kasam edip Prezident wezipesini Nazarbaýewden aljak Tokaýew, 2020-nji ýyla çenli Prezident wezipesini dowam etdirer. 

Nazarbaýew 1940-njy ýylyň 6-njy iýulynda Gazagystanyň Kaskelen etrabynda doguldy. 

1989-njy ýylda Komunist partiýasynyň Merkezi komitediniň Birinji sekretarlygyna saýlanan Nazarbaýew, 1991-nji ýylyň 1-nji dekabrynda geçirilen saýlawda sesleriň 98.7 göterimini alyp Gazagystanyň Prezidentligine saýlandy. 

Nazarbaýew Gazagystany 30 ýyl dolandyrdy. 

 



Degişli Habarlar