Gazagystan bilen Türkiýäniň arasyndaky harby hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Iki ýurduň arasyndaky harby hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi maksady bilen hyzmatdaşlyk meýilnamasyna gol çekişildi

Gazagystan bilen Türkiýäniň arasyndaky harby hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Gazagystan bilen Türkiýäniň arasyndaky harby hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi maksady bilen hyzmatdaşlyk meýilnamasyna gol çekişildi.

Gazagystanyň Goranmak ministrligi tarapyndan berlen ýazmaça beýanata görä, iki ýurduň goranmak ministrlikleriniň wekilleri Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Milli Goranyş uniwersitetinde duşuşdy.

Taraplar duşuşykda iki ýurduň arasyndaky harby hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi barada pikir alyşdy.

Duşuşykda üstümizdäki ýyl harby razwetka, söweş taýarlygy, parahatçylyk güýji, kiber howpsyzlyk ýaly 17 ugry öz içine alýan harby hyzmatdaşlyk meýilnamasyna gol çekişildi.

 



Degişli Habarlar