Yslam Hyzmatdaşlyk guramasy Azerbaýjana goldaw berýär

YHG-nyň Baş sekretary Hojaly etrapçasynda 1992-nji ýylda başdan geçirlen gyrgynçylygyň 27-nji ýylynda ýüzlenme çap etdi

Yslam Hyzmatdaşlyk guramasy Azerbaýjana goldaw berýär

Yslam Hyzmatdaşlyk guramasy tarapyndan, topraklaryndaky Ermeni basyp alyşlygynyň bes edilmegi üçin tagalla edýän Azerbaýjana doly goldaw berilýändigi nygtaldy.

Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Ýusuf Ahmed Al Oseýmin, Azerbaýjanyň Daglyk Garabag Awtanomiýasynyň Hojaly etrapçasynda 1992-nji ýylda başdan geçirlen gyrgynçylygyň 27-nji ýylynda ýüzlenme çap etdi.

Hojalyda ýogalanlary uly hormat bilen hatyralan Oseýmin, Ermenistanyň Azerbaýjanyň territoriýasyny basyp almagy netijesinde gyrgynçylygyň başdan geçirlendigini belledi.

Ermeni goşunynyň Hojaly 1992-nji ýylyň fewral aýynyň 25-den-26-syna geçilýän gije eden gyrgynçylygynda 106-sy zenan, 63-i çaga we 70-i ýaşuly bolmak bilen asuda ilatdan jemi 613 adam ýogalypdy.

Hojaly gyrgynçylygynda 487 adam ýaralandy, ermeni günçleri 1275 adamyň ýesir aldy we şol ýesirlerden 150 adamdan henizem hiç hili habar ýok.

 

 



Degişli Habarlar