Hojaly gyrgynçylygynda ýogalanlar Gollandiýada hatyralandy
Hojalyda ýogalanlar uly hormat bilen hatyralandy, gyrgynçylyk edenler näletlendi

Azerbaýjanyň Hojaly gyrgynçylygynda 1992-nji ýylyň 26-njy fewralynda 613 adam ermeniler tarapyndan öldürildi. Hojaly gyrgynçylygynda ýogalanlar Gollandiýada hatyralandy
Gollandiýada Azerbaýjan Türk medeniýet jemgyýeti tarapyndan Gaga şäherindäki Hojaly gyrgynçylygy ýadigärliginiň öňünde geçirlen çärä, Türkiýäniň Gollandiýadaky ilçihanasynyň geňeşçi ilçisi Alper Ýüksel, Azerbaýjanyň Diaspora işleriniň Döwlet komitetiniň başlygy Fuad Muradow, Azerbaýjanyň Gollandiýadaky geňeşçi ilçisi Jelal Mirzaýew bilen birlikde köp sanly adam gatnaşdy.
Çykyşlarda Hojalyda ýogalanlar uly hormat bilen hatyralandy, gyrgynçylyk edenler näletlendi.
Azerbaýjanyň Diaspora işleriniň Döwlet komitetiniň başlygy Fuad Muradow çärede eden çykyşynda şuňa meňzeş çäreleriň dünýäde başdan geçirilmeli däldigini nygtady.
Ermeni goşunynyň Hojaly 1992-nji ýylyň fewral aýynyň 25-den-26-syna geçilýän gije eden gyrgynçylygynda 106-sy zenan, 63-i çaga we 70-i ýaşuly bolmak bilen asuda ilatdan jemi 613 adam ýogalypdy.
Hojaly gyrgynçylygynda 487 adam ýaralandy, ermeni günçleri 1275 adamy ýesir aldy we şol ýesirlerden 150 adamdan henizem hiç hili habar ýok.
Degişli Habarlar

Gazagystanda 5,4 Bal Ululygynda Ýer Titremesi Boldy
Ýer Titremesi günortadaky Çimkent we Taraz şäherlerinde hem duýuldy