Gazagystan banknotlaryny diňe ene dilinde çykarar

gazak banknotlary we şaýlyklary hem gazak hem-de rus dilinde çykarylýardy

1151095
Gazagystan banknotlaryny diňe ene dilinde çykarar

 

Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew gazak banknotlarynyň we şaýlyklaryň diňe ene dilinde çykarylmagy baradaky karary tassyklady.

Gazagystanyň Prezidenti Nazarbaýewiň 2013-nji ýylda kabul eden kararyna görä, gazak banknotlary we şaýlyklary hem gazak hem-de rus dilinde çykarylýardy.

Kabul edilen soňky karara laýyklykda bolsa gazak banknotlary we şaýlyklary diňe ene dilinde çykararlar.

 

 



Degişli Habarlar