Özbegistanyň ykdysadyýeti 2018-nji ýylda 5,1 göterim ösüş etdi

Ýurduň içerki milli girdejisi geçen ýyl 407 trillion 514,5 milliard soma barabar boldy

1132462
Özbegistanyň ykdysadyýeti 2018-nji ýylda 5,1 göterim ösüş etdi

 

Özbegistanyň döwlet hasabat komiteti tarapyndan berlen beýanata görä, 2017-nji ýylda ýurduň içerki milli girdejisi 5,3 göterim artypdy.

Içerki milli girdeji 2018-nji ýylda bolsa  5,1 göterim artyp 407 trillion 514,5 milliard soma ýagny 50,9 milliard dollara ýetdi.

Adam başyna düşýän milli girdeji bolsa 2018-nji ýylda 3,3 göterim artyp 12 million 365,5 müň soma ýagny 1550 dollara barabar boldy.

Geçen ýyl senagat pudagy 10,6 göterim, tokaýçylyk we balykçylyk pudagy 0,3 göterim, gurluşyk pudagy 9,9 göterim, transport we aragatnaşyk pudagy 6,3 göterim ösüş etdi.

 

 



Degişli Habarlar