Nazarbaýew Russiýa bilen Ukraina ýene-de bir gezek gepleşik geçirmekleri barada çagyryş berdi

" Hazara kenardaş bolmadyk üçünji ýurtlaryň esgerleri ol ýerde iş alyp baryp bilmez”

1115740
Nazarbaýew Russiýa bilen Ukraina ýene-de bir gezek gepleşik geçirmekleri barada çagyryş berdi

Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew, Russiýa bilen Ukraina ýene-de bir gezek gepleşik geçirmekleri barada çagyryş berdi.

Nursoltan Nazarbaýew 2018-nji ýylyň analizi barada metbugata beren beýanatynda, ABŞ-nyň, Russiýanyň, Hytaýyň we ÝB-niň arasynda özara ynamyň ýokdygyny belledi we ady agzalýan güýçleriň Astanada duşuşmagyny teklip etdi.

Prezident Nazarbaýew Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin ýene-de bir gezek gepleşik geçirmekleri barada çagyryş berdi.

Hazar deňzinde üçünji ýurtlaryň esgerleriniň iş alyp barjakdygy hakyndaky garaýyşlar barada hem durup geçen Nazarbaýew, 20 ýyldan bäri Hazaryň hukuky derejesiniň kesgitlenilmeginiň üstünde işleýändiklerini belledi we şu ýyl Aktau şäherinde geçirlen Hazarýaka ýurtlaryň maslahatynda mesele hakynda ylalaşyk gananandyklaryny ýatlatdy.

Nazarbaýew, ylalaşygy “taryhy waka” hökmünde häsiýetlendirdi we “Hazara kenardaş 5 ýurt (Russiýa, Gazagystan, Azerbaýjan, Türkmenistan we Eýran) hökmünde Hazaryň hyzmatdaşlyk we dostluk deňizi bolmagy üçin ylalaşyk gazandyk. Hazara kenardaş bolmadyk üçünji ýurtlaryň esgerleri ol ýerde iş alyp baryp bilmez” diýdi.

Gazak lideri Nazarbaýew ylalaşygyň çäginde Hazaryň howpsyzlygy meselesinde hem ýörite teswirnama gol çekişjekdiklerini sözleriniň üstüne goşdy.

 

 

 



Degişli Habarlar