Gazagystan nebit önümçiligini azaldar

Gazagystan Nebit eksport edýän ýurtlaryň guramasy (OPEK) bilen OPEK-e agza däl käbir ýurtlaryň nebit önümçiligini azaltmak baradaky ylalaşygyna laýyklykda önümçiligi günde 40 müň barrel azaldar

Gazagystan nebit önümçiligini azaldar

Gazagystanyň Energetika ministrliginden berilen beýannamada OPEK-iň we öndüriji ýurtlaryň 7-nji dekabrda Wenada geçirilen OPEK-e agza we agza däl ýurtlaryň 5-nji maslahatyndan soň 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap nebit önümçiligini günlük jemi 1,2 million barrel azaltjakdyklaryny beýan edendikleri, Gazagystanyň hem şol çäkde borçlaryny ýerine ýetij ekdigi nygtalýar.

Beýannamada Gazagystanyň täze ýyldan başlap nebit önümçiligini günde 40 müň barrel azaltmak boýunça degişli çäreler görjekdigi habar berildi.

Gazagystan ýylda 80 million tonnadan gowrak nebit eksport edýär.



Degişli Habarlar