Gyrgyz we özbek wekiliýeti serhetleriň kesgitlenilmegi üçin jemlenişdi

"Gyrgyzystan daşary syýasatda goňşy ýurtlar bilen edilýän gatnaşyklaryň güýçlendirilmegine uly ähmiýet berýä"

1109491
Gyrgyz we özbek wekiliýeti serhetleriň kesgitlenilmegi üçin jemlenişdi

 

Gyrgyzystanyň Premýer ministri Muhammedkaliý Abdylgaziýew daşary syýasatda goňşy ýurtlar bilen edilýän gatnaşyklaryň güýçlendirilmegine uly ähmiýet berýändiklerini nygtady.

Premýer ministrlikden berlen beýanatda, gyrgyz we özbek hökümetleri tarapyndan serhetleriň kesgitlenilmegi we serhet galasyndaki kynçylyklaryň çözülmegi maksady bilen döredilen bilelikdäki iş topary Gyrgyz Respublikasynyň Oş şäherinde bir ýere jemlenişdi.

Maslahata Gyrgyz Respublikasynyň Premýer ministri Abdulgaziýew we Özbegistanyň Premýer ministri Abdulla Aripow bilen birlikde iki ýurduň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Maslahatda ýurtlaryň arasyndaki hyzmatdaşlyk, söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi, ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy, medeni gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagy, döwletiň serhetleriniň kesgitlenilmegi üçin amatly şertiň döredilmegi ýaly meseleler seljerildi.

Gyrgyz Respublikasynyň Premýer ministri Muhammedkaliý Abdylgaziýew maslahatyň açylyş dabarasynda sözlän sözünde goňşy ýurtlar bilen edilýän gatnaşyklaryň güýçlendirilmegine uly ähmiýet berýändiklerini we Gyrgyzystan bilen Özbegistanyň arasyndaki ýokary derejeli gatnaşyklaryň özara hyzmatdaşlygyň ösmegine itergi berýändigini belledi.

Özbegistanyň Premýer ministri Abdulla Aripow hem Özbegistan hökmünde Gyrgyz Respublikasy bilen edilýän gatnaşyklaryň güýçlendirilmegine ähmiýet berýändiklerini nygtady.



Degişli Habarlar