TÜRKSOÝ-yň Mejlisi Kastamonuda başlady

Türk medeniyetiniň halkara dolanşygy TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşiniň 36-njy mejlisi şu gün öz işine başlady

1109002
TÜRKSOÝ-yň Mejlisi Kastamonuda başlady

Mejlise Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý, Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow, Gyrgyz Respublikasynyň Medeniýet ministriniň orunbasary Baktybek Sekimow, Halkara Türk Akademiýasynyň başlygy, TÜRKPA-nyň baş sekretar, Azerbaýjanyň, Gagawuziýanyň, DKTR-nyň resmi wekiliýetleri gatnaşýarlar. 

Mejlisi açan Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý TÜRKSOÝ-yň iş ýüzüne geçirýän maksarnamalarynyň türk dünýäsiniň jebisligine uly goşant goşýandygyny nygtap, bu işleriň has-da ýaýbaňlandyrylmalydygyny aýtdy. Son söz sözlän TÜRKSOÝ-yň baş sekretar Düsen Kaseinow, TÜRKSOÝ-yň bir ýylyň dowamynda alynyp barylan işler barada maglumat berdi. Kastamonu welaýatynyň gubernatory Ýaşar Karadeniz bolsa 2018-nji ýylyň Türk dünyäsiniň medeni paýtagty Kastamony şäheriniň 1 ýylyň dowamynda türk medeniýetiniň giňden tanalmagyna goşant goşmagynyň özleri üçin uly buýsançdygyny aýtdy. Mejlis resmi wekilleriň çykyşlary bilen dowam edýär. 

 


Etiketkalar: #TÜRKSOÝ , #Kastamonu

Degişli Habarlar