Türk dünýäsiniň medeni paýtagty aýan edildi

Türk medeniyetiniň halkara dolanşygy TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşiniň 36-njy mejlisiniň ýapylyşynda Gyrgyzystanyň Oş şäheri 2019-njy ýyl Türk dünýäsiniň Medeni paýtagty hökmünde saýlandy

1109452
Türk dünýäsiniň medeni paýtagty aýan edildi

 

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý, Kastamonu Taryhy Gurşunly binasynda geçirilen TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşiniň 36-njy mejlisiniň ýapylyşynda eden çykyşynda, koordinasiýanyň wezipesini Gyrgyzystana berendiklerini mälim etdi. 

Mundan soňky maslahatyň Gyrgyzystanyň Oş şäherinde geçiriljekdigini aýdan Ersoý: "Nesip bolsa hemmämiz bilelikde ol ýerde ýaňadandan duşuşarys" diýdi. 

TÜRKSOÝ-yň baş sekretar Düsen Kaseinow bolsa Gyrgyzstanyň Oş şäheriniň 2019-njy ýylda Türk dünýäsiniň Medeni paýtagtydygyny habar berip, her kimi ol ýere çagyrdy.  

Şeýh Şeýbany Weli bilen baglanşykly Gyrgyzystanda biri-birinden tapawutly işleriň geçiriljekdigini aýdan Kaseinow: "Şeýh Şeýbany Weli bilen baglanşykly Türk dünýäsiniň Medeni paýtagty Oşda uly bir konferensiýa geçireris. 2019-njy ýyl Aşyk Weýsel we Azerbaýjanyň meşhur şahyry Imadeddin Nesimi ýyly bolar" diýdi. 

Dabaranyň ahyrynda Kastamonu gubarnatorlygy tarapyndan ministr Ersoý bilen maslahata gatnaşan Türk dünýäsiniň wekillerine plaket sowgat edildi. Mahmut Kaşgarly temaly hekaýa ýaryşynda ilkinji orunlara mynasyp bolanlar sylaglandyryldy. 

 


Etiketkalar: #Oş , #Gyrgyzystan , #Kastamonu

Degişli Habarlar