“Mazary Şerif-Kabul-Peşawer” demir ýoly gurlar

Ady agzalýan demir ýoluň gurulmagy üçin taraplaryň arasynda bilelikdäki iş toparynyň döredilmegi üçin şertnama baglaşyldy

1104818
“Mazary Şerif-Kabul-Peşawer” demir ýoly gurlar

Özbegistan, Russiýa, Gazagystan, Owganystan we Pakistan “Mazary Şerif-Kabul-Peşawer” demir ýolunyň gurulmagy bilelikdäki iş toparyny döreder.

Özbegistanyň Döwlet demir ýollary tarapyndan berlen beýanata görä, Özbegistanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Owganystanyň we Pakistanyň demir ýol pudagynyň ýolbaşçylary Özbegistanyň paýtagty Daşkentde duşuşdy we Mazary Şerif-Kabul-Peşawer” demir ýolunyň gurulmagy meselesini ara alyp maslahatlaşdy.

Maslahatda ady agzalýan demir ýoluň gurulmagy üçin taraplaryň arasynda bilelikdäki iş toparynyň döredilmegi üçin şertnama baglaşyldy.

Owganystanyň Prezidenti Eşref Ganiniň 2017-nji ýylyň dekabr aýynda Daşkende guran saparynyň çäginde Owganystan bilen Özbegistanyň arasynda uzynlygy 760 kilometr bolan Mazary Şerif-Şybyrgan-Maýmana-Gerat” demirýolunyň gurulmagy meselesinde şertnama baglaşylypdy.

Özbegistan ozal Owganystanda “Haýratan-Mazary Şerif” demir ýoluny gurupdy.



Degişli Habarlar