Jawanşir Feýziýewiň “Türk dünýäsi” atly 5 tomlyk kitaby neşir edildi

Kitaplar Türk dünýäsiniň aýralygyny we jebisligini beýan edýär

Jawanşir Feýziýewiň “Türk dünýäsi” atly 5 tomlyk kitaby neşir edildi

Azerbaýjan Respublikasynyň Milli mejlisiniň agzasy filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Jawanşir Feýziýewiň “Türk dünýäsi” atly 5 tomlyk kitaby neşir edildi.

Kitaplar Türk dünýäsiniň ähli hakykatlaryny, aýralygyny we jebisligini beýan edýär.

Birinji kitapda: türk medeniýetiniň taryhy we esasy gymmatlyklary, türki diller maşgalasy, umumy türk taryhy, medeniýeti, syýasaty we diplomatiýasy gürrüň berilýär.

Ikinji kitapda: türk entografiýasy, gadymy türk tire-taýpalary, döwrebap türk halklary, jemgyýetleri, türk diasporasy, olaryň başdan geçirýän kynçylyklary, türk guramalary we olaryň utgaşlyklyk etabyndaky rolyna giňişleýin ýer berilýär.

Üçünji kitapda: türk döwletleriniň taryhy, gadymy türk döwletleri we imperiýalary, garaşsyz türk respublikalary we olaryň özara gatnaşyklary gürrüň berilýär.

Dördünji kitapda türkleriň aktual meseleleri, türkçülik ideologiýasy, döwrebap türk dünýäsiniň ösüş mümkinçilikleri we perspektiwalary hakynda maglumat berilýär.

Ýazyjy bäşinji kitabynda bolsa türk dünýäsiniň tanymal şahsyýetlerini we olaryň bilime, ylyma we medeniýete goşan goşantlaryny gürrüň berýär.

Azerbaýjanly ýazyjynyň 2013-nji ýylda çap edilen “Türk döwletleri Bilelelişi: Global utgaşyklygyň Ýewraziýa modeli” atly kitaby türk, gazak, gyrgyz, rus we boşnýak dillerine terjime edildi.

 

 


Etiketkalar: döwlet , terjime , kitap , ýazyjy

Degişli Habarlar