Gagauziýalylar türk liderini türk baýdaklary bilen garşylar

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň sapar gurajak Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa Awtonom çäkli düzüminiň paýtagty Komrat şäherinde halk özüni türk baýdaklary bilen garşylar

1071243
Gagauziýalylar türk liderini türk baýdaklary bilen garşylar

Erdoganyň Moldowanyň Prezidenti Igor Dodon bilen sapar gurajak Komratda taýýarlyk işleri dowam edýär.

Paýtagt Komratda açylyşy boljak Ýerine ýetiriji komitediniň binasynyň we Medeniýet öýüniň öňünde ýerleşýän köçede halk, ellerinde Türkiýäniň, Gagauziýanyň we Moldowanyň baýdaklary bilen Erdogana garaşýarlar.

Açylyşy boljak Medeniýet öýi hem Türkiýäniň baýdaklary bilen bezeldi.

Erdoganyň saýlaw wagyzlarynda ulanan "Dombra" atly aýdymy hem Komradyň köçelerinde ýaňlanýar.

Şäheriň käbir ýerlerine “Türkiýäniň Prezidenti hormatly Rejep Taýýip Erdogan, Gagauziýa hoş geldiňiz” ýaly türk dilinde ýazylan ýazgyly şygarlar asyldy.



Degişli Habarlar