Rosatom Özbegistanda atom elektrik bekedini gurar

Russiýanyň Döwlet Atom energiýa guramasy (Rosatom) tarapyndan Özbegistanda guruljak ýurdyň ilkinji atom elektrik bekedi 2028-nji ýyla çenli işlemäge başlar

1010541
Rosatom Özbegistanda atom elektrik bekedini gurar

Özbegistanyň Prezident Diwanynyň Metbugat ofisi tarapyndna berilen beýanata görä Rosatomyň hyzmatdaşlygynda guruljak ilkinji atom elektrik bekedi 2028-nji ýyla çenli ulanylmaga beriler. 

Beýanatda: "Russiýanyň Rosatom döwlet kärhanasy bilen atom elektrik bekediniň guruluşygy babatynda ylalaşyk gazanyldy. Iki blokdan ybarat boljak bekediň, her bir blogy 1200 megawatt mümkinçiligine eýe bolar. Dünýädäki iň howpsyz we döwrebap bloklardan ybarat boljak atom elektrik bekediniň 2028-nji ýyla çenli işläp başlamagyna garaşylýar" diýildi. 

 


Etiketkalar: #Rosatom , #Özbegistan

Degişli Habarlar