Wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanan ozalky Gyrgyz Premýeri saklandy
Isakow 2 aý möhlet bilen Milli Howpsyzlyk döwlet komitetiniň tussaghanasynda saklanar
986850

Gyrgyz Respublikasynyň ozalky Premýer ministri Sapar Isakow galplyk edendigi sebäpli saklandy
Milli Howpsyzlyk döwlet komiteti ýurtda syýasatçylar we döwlet gullukçylary barada gozgalan derňew işiniň çäginde Isakowyň saklanmagy üçin kazyýete ýüz tutdy.
Bişkek Perwomaý etrap kazyýety hem Isakowyň 2 aý möhlet bilen Milli Howpsyzlyk döwlet komitetiniň tussaghanasynda saklanmagy barada karar kabul etdi.
Isakow, ozalky Prezident Almazbek Atambaýewiň häkimiýeti döwründe Prezident Diwanynyň daşarky gatnaşyklardan jogapkär bölüminiň ýolbaşçylygyny ýerine ýetirýärkä Bişkekdäki Merkezi Ýyladyş edarasynyň abatlanmagy taslamasynyň jogapkärçiligini daşary ýurtly firmanyň öz üstüne almagy üçin wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda günäkärlenýär.