Gyrgyz Respublikasynyň ozalky Premýer ministri Isakow galplyk etmekde günäkärlenýär
Premýer ministrlik wezipesinden çetleşdirilenden soň 3 gezek düşündiriş beren İsakowyň daşary ýurda çykmagy gadagan edildi
982104

Milli Howpsyzlyk döwlet komiteti, 8 aýyň dowamynda Gyrgyz Respublikasynyň premýer ministri wezipesini ýerine ýetiren we aprel aýynda mejlis tarapyndan wezipesinden çetleşdirlen 40 ýaşyndaky Sapar Isakow hakynda galplyk edendigi sebäpli kazyýet işini gozgady.
Isakow, ozalky Prezident Almazbek Atambaýewiň häkimiýeti döwründe Prezident Diwanynyň daşarky gatnaşyklardan jogapkär bölüminiň ýolbaşçylygyny ýerine ýetirýärkä Bişkekdäki Merkezi Ýyladyş edarasynyň abatlanmagy taslamasynyň jogapkärçiligini daşary ýurtly firmanyň öz üstüne almagy üçin wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda günäkärlenýär.
Premýer ministrlik wezipesinden çetleşdirilenden soň 3 gezek düşündiriş beren İsakowyň daşary ýurda çykmagy gadagan edildi.