Prezident Erdogan Özbegistanyň Buhara şäherine bardy

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan ýörite uçary “Jan” bilen Türkiýäniň wagty bilen sagat 09:30-da Özbegistanyň Buhara şäherine bardy

961707
Prezident Erdogan Özbegistanyň Buhara şäherine bardy

Erdogan Özbegistan saparynyň çäginde ýurdyň paýtagty Daşkentden Buhara geçdi.

Prezident Erdogany we aýaly Emine Erdogany Buhara halkara howa menzilinde Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew we aýaly Ziraat Mirziýoýewa bilen Buhara sebitiniň gubernatory Uktam Barnoýew garşylady.

Ýerli milli egin-eşiklerini geýen 2 özbek ýaş gyz tarapyndan Prezident Erdogana we aýaly Emine Erdogana gül desseleri berildi.

Prezident Erdogan Buharada taryhy we medeni ýerlere gezelenç eder, soň bolsa Günorta Koreýa gider.



Degişli Habarlar