Türkiýäniň Prezidenti Erdogan Özbegistanda saparda bolar

Prezident Erdogan Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çakylygyna laýyklykda 29-njy aprel-1-nji maý aralygynda Özbegistanda saparda bolar

960527
Türkiýäniň Prezidenti Erdogan Özbegistanda saparda bolar

Prezidentiň Metbugat merkezinden berilen beýanata görä saparyň çäginde geçiriljek duşuşyklarda Özbegistan bilen bolan gatnaşyklaryň has hem özgerdilmegi üçin ediljek ädimler ele alynar we sebitleýin meseleler barada pikir alyşylar.

Prezident Erdogan Daşkente gurajak saparynda Özbegistanyň Ali mejlisinde çykyş eder, ondan soň bolsa Prezident Mirziýoýew bilen Türk we Özbek işewür adamlaryň gatnaşmagynda geçiriljek Işewürler forumyna gatnaşar.

Erdogan 1-nji maýda Türk-Yslam medeniýetiniň gadymy şäherleriniň biri bolan Buhara gezelenç eder.

Prezident Erdogan Özbegistan saparyndan soň bolsa 2-3-nji maý aralygynda Günorta Koreýanyň Prezidenti Mun Džeiniň çakylygyna laýyklykda bu ýurtda saparda bolar.

Türk lideriň Günorta Koreýa gurajak saparynda bolsa ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen birlikde sebitleýin we halkara meseleler ara alynyp maslahatlaşylar.



Degişli Habarlar