“Türk dünýäsi meniň ylham çeşmäm”

Nobel himiýa baýragynyň eýesi Aziz Sanjar Türk dünýäsiniň özüne ruhy taýdan goldaw berýändigini we gazanan üstünliklerinde uly rol oýnaýandygyny aýtdy

“Türk dünýäsi meniň ylham çeşmäm”

Gazagystana guraýan saparynyň çäginde Türkistan şäherine baran Aziz Sanjar, Hoja Ahmet Ýasawy türbedine, Halkara Hoja Ahmet Ýasawy Türk-Gazak uniwersitetibe baryp gördi we talyplar bilen duşyşdy.

Hoja Ahmet uniwersiteti tarapyndan Sanjara hormatly professorlyk derejeli berildi.

Sanjar uniwersitetde eden çykyşynda Türk dünýäsiniň görkezýän ýakyn gyzyklanmasy sebäpli özüni Türk dünýäsiniň wekili hökmünde duýýandygyny we şol gyzyklanma laýyk bolmaga çalyşýandygyny aýtdy.

Sanjar “Türkiýeden daşary beýleki türk döwletleriniň başga ýurtlaryň häkimiýeti astynda bolan ýyllarynda hem Türk dünýäsi meniň üçin özboluşly ýere eýedi we şol nukdaý nazardan Türk dünýäsi meniň ylham çeşmäm we gazanan üstünliklerinde esasy rol oýnady” diýdi.

Gadymlar Türk dünýäsiniň ylmy merkezi bolandygyny we Ýewropalylar bilen Amerikalylaryň hem muny kabul edýändigini aýdan Sanjar, gadymy döwürlerde başlan ylymy Türk dünýäsiniň 500 ýyl dowam etdirendigini we dürli sebäplerden ylymyň durgunlaşandygyny we ylmy taýdan Günbatarly ýurtlaryň has ösmäge başlandygyny ýatlatdy.

Sanjar “Nobel baýragyny almak ähli zadyň ölçegi däldir. Emma belli bir derejä çenli bir milletiň we guramanyň ylmy üstünligini görkezýär” diýdi.

Bir meseläni çözmek üçin ömrüniň 45 ýylyny bagyşlandygyny aýdan Sanjar, ýaşlary ylym bilen meşgullanmaga çagyrdy

Ahmet Ýasawy uniwersitetiniň dolanşyk geňeşiniň başlygym Prof. Dr. Musa Ýyldyrym hem Nobel baýragyny alan Türk dünýäsiniň alymy Sanjaryň Gazagystana gelmeginden hoşaldyklaryny belledi.

Nobel baýragynyň eýesi Sanjaryň 20-nji aprelde Gyrgyz Respuyblikasynyň paýtagty Bişkekde geçiriljek “Ylym we Milli galkynyş” temaly konferensiýa gatnaşmagyna garaşylýar.



Degişli Habarlar