Merkezi Aziýa Ýurtlarynyň Döwlet Ýolbaşçylarynyň Maslahaty Astanada Geçiriler

Ukibaý; “Bäş taraply duşuşygyň Orta Aziýa ýurtlarynyň milli baýramy bolan Nowruzyň öň ýanynda geçirilmegi iňnän möhüm” diýdi

927483
Merkezi Aziýa Ýurtlarynyň Döwlet Ýolbaşçylarynyň Maslahaty Astanada Geçiriler

Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat sekretary Aýdos Ukibaý beren beýannamasynda Prezident Nursoltan Nazarbaýewiň ýolbaşçylygynda geçiriljek maslahata Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleriniň gatnaşjakdygyny habar berdi

Ukibaý; “Bäş taraply duşuşygyň Orta Aziýa ýurtlarynyň milli baýramy bolan Nowruzyň öň ýanynda geçirilmegi iňnän möhüm” diýdi.

Maslahatyň gün tertibi barada maglumat bermedik Ukibaý, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal meýilleşdirilen ýokary derejeli çarelere gatnaşjakdygy sebäpli maslahatda ýurda Mejlisiň Başlygy Akja Nurberdiýewanyň wekilçilik etjekdigini aýtdy.

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmynyň çarşenbe güni Gazagystana resmi sapar gurajakdygyna ünsi çeken Ukibaý, saparyň çäginde özara, sebitara we halkara aktual meseleleriň ara alynyp maslahatlaşyljakdygyny nygtady.



Degişli Habarlar