Türkiýäniň Prezidenti azerbaýjanly kärdeşi bilen söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

924227
Türkiýäniň Prezidenti azerbaýjanly kärdeşi bilen söhbetdeş boldy

Prezident diwany çeşmelerinden alynan maglumata görä Erdogan Aliýew bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde geçen hepde Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda dikeldiş merkezinde bolan ýangynda 30 adamyň ýogalmagy sebäpli çuňňur gynanç bildirendigi bellendi.

Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýewiň adyna, Azerbaýjanyň halkyna gynanç bildiren Prezident Erdogan ýangynda ýogalan adamlara Alladan rehnet, ýaralanan adamlara bolsa şypa diledi.

Iki lider telefon söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada hem pikir alyşdylar.



Degişli Habarlar