Gazagystanda II Türk Dünýäsi Şahsyýetler mirasy maslahaty geçirildi

Gazagystanyň paýtagty Astanada Halkara Türk Akademiýasy tarapyndan “Alaş goşuny: Taryh tälimi” temaly II Türk Dünýäsi Şahsyýetler mirasy maslahaty geçirildi

Gazagystanda II Türk Dünýäsi Şahsyýetler mirasy maslahaty geçirildi

Halkara Türk Akademiýasynyň başlygy Darhan Kydyraliniň ýolbaşçylygynda we Alaş Ordanyň 100-njy ýyllygy mynasybetli Milli akademiýa kitaphanasynda guralan seminara Azerbaýjanyň Gazagystandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Raşad Mamadow, Ýaponiýanyň Gazagystandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Içiro Kawabata we gazak deputatlar bilen birlikde köp sanda myhman gatnaşdy.

Maslahatyň açylyş dabarasynda söz sözlän Kydyrali maslahatyň ilkinji gezek geçen ýyl geçirilendigini belläp: “Ilkinji seminarymyz Tatar pikirzada Abduraşit Ibrahim we Ýaponiýadaky musulmanlar temasy bilen geçiren bolsak, ikinji seminarymyzy Alaş Ordasyna bagyşladyk” diýdi.  

Maslahatda Alaş Orda hökümetiniň milli goşunynyň taryhy ele alyndy, taryhçy Berik Abdugaliulynyň Alaş Ordanyň Harby gurluşy atly kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy.



Degişli Habarlar