Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Medeniýet günleri dabaraly ýagdaýda açyldy

Düýn Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy

896602
Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Medeniýet günleri dabaraly ýagdaýda açyldy

Türkmen-belarus diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna gabatlanyp geçirilýän iri möçberli medeni çäre iki döwletiň ugurdaş ministrlikleriniň arasynda 2017 — 2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna laýyklykda guralýar.

Türkmen-belarus gatnaşyklary dostlukly ýurtlaryň ynama we açyklyga esaslanýan hyzmatdaşlygynyň aýdyň nusgasydyr, çuňňur özara hormat goýmak, hyzmatdaşlygyň geljegine umumy garaýyşlar, iki ýurduň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän çemeleşmeler gatnaşyklaryň tapawutly aýratynlyklarydyr.

Şunuň bilen baglylykda, döwletleriň medeni-ynsanperwer ulgamynda işjeň hyzmatdaşlygy nusgalykdyr, ol türkmen we belarus halklarynyň ruhy gymmatlyklaryna, özboluşly milli medeniýetleriň goralyp saklanylmagyna ygrarlylyga esaslanýar.

Öz nobatynda, dostlukly ýurduň wekilleri Türkmenistanda guralan halkara sergilere we festiwallara birnäçe gezek gatnaşdylar. Aşgabadyň konsert merkezleriniň sahnalarynda meşhur belarus “Sýabry” topary we belarus estradasynyň beýleki “ýyldyzlary” çykyş etdiler. Şekillendiriş sungaty muzeýinde iri belarus muzeýleriniň gaznalarynyň gymmatlyklary görkezildi.

Iki ýurtda nobatma-nobat geçirilýän Medeniýet günleriniň çäklerinde çäreleriň guralmagy asylly däbe öwrüldi, olara belli döredijilik toparlary, sazandalar, muzeýleriň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar. Bu çäreler döredijilik işgärleriniň tejribe alyşmagyna, olaryň dostlukly halklaryň medeni mirasy we özboluşly däp-dessurlary barada gözýetimini giňeltmäge ýardam berýär.

“Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen buýsançly şygar astynda geçirilýän 2018-nji ýylyň ilkinji iri halkara çäresi bolan bu gezekki medeni çärede hem şu maksatlar göz öňünde tutulýar. Bu ýylyň şygary bolsa Türkmen döwletiniň häzirki zaman ösüşiniň konsepsiýasyny özünde jemleýär, ol köpasyrlyk taryhy tejribä, medeni ýörelgelere, milletimiziň baý ruhy mirasyna hem-de umumadamzat gymmatlyklaryna daýanýar.

Medeni çärä gatnaşmak üçin Aşgabada Belarusuň medeniýet we sungat ussatlarynyň wekilçilikli topary geldi. Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna medeniýet ulgamynyň, döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, Aşgabatda işleýän diplomatik düzümleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň ýaşlary gatnaşdylar.

Belarusuň wekiliýetiniň adyndan dostlukly döwletiň medeniýet ministriniň orunbasary Aleksandr Ýasko ýygnananlary gutlap, bu gezekki çäräniň iki doganlyk halkyň dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda, olaryň medeniýetleriniň özara baýlaşmagynda uly ähmiýetini belledi.

Soňra türkmen tarapyna Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasyna “Fransisk Skorinyň kitap mirasynyň” faksimil neşiriniň sowgat berilýändigi baradaky şahadatnama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy, bu sowgadyň taýýarlanylmagy belarus we gündogar slawýan kitap neşir işiniň 500 ýyllygyna gabatlanyldy. 22 jiltlik eserleriň ýygyndysynda belarus taryhynyň we medeniýetiniň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýan eserler jemlenendir.

Ýygnananlar iki ýurduň Liderleri - Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko doly möçberli döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam berýän oňyn syýasaty alyp barýandyklary, şeýle hem ajaýyp öwüşginli sungat baýramyny guramaga döredilýän mümkinçilik üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

Açylyş dabarasy tamamlanandan soňra, belarus sungat ussatlarynyň, Belarus Respublikasynyň belli döredijilik toparlarynyň konserti boldy.

Baýramçylyk konsertini belli baletmeýster, režissýor, sungaty öwreniji, Belarusuň halk artisti Walentin Dudkewiçiň ýolbaşçylygyndaky Belarus Respublikasynyň Döwlet akademiki tans toparynyň aýdyň öwüşginli çykyşy açdy.

Konsert Belarusa baryp görmäge çagyryş aýdymy bilen tamamlandy.

Şu gün 25-nji ýanwarda medeni çäräniň çäklerinde Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda iki ýurduň medeniýet işgärleriniň döredijilik duşuşygy geçiriler. “Aşgabat” kino merkezinde belarus çeper filmleriniň görkezilişi bolar.

Myhmanlar üçin türkmen paýtagtynyň ajaýyp künjekleri, halkymyzyň taryhy-medeni mirasy bilen tanyşmak boýunça baý medeni maksatnama taýýarlanyldy. (TDH)



Degişli Habarlar