Gazagystanda pasportlar latyn elipbiýinde beriler
Gazagystanyň hökümeti mesele bilen bagly beýanat berdi
892095

Gazagystanda 2025-nji ýyla çenli latyn elipbiýine etaplaýyn häsýetde geçmek meýilnamasyna görä 2021-nji ýyldan başlap pasportlar, şahsy şahadatnamalar we beýleki resminamalar latyn elipbiýinde berilmegi göz öňünde tutulýar.
Gazagystanyň hökümeti tarapyndan çap edilen beýanatda: “Pasportlar, şahsy şahadatnamalar we beýleki resminamalar döwlet dili bolan gazak dilinde latyn elipbiýinde ýazylyp beriler” diýilýär.
Resminamalarda mundan başgada ýurtlaryň atlary, paýtagtlary, okeanlar we dünýäniň syýasy kartasyndaky beýleki atlaryň hem latyn elipbiýinde ýazyljakdygy mälim edildi.
Degişli Habarlar

Gazagystanda 5,4 Bal Ululygynda Ýer Titremesi Boldy
Ýer Titremesi günortadaky Çimkent we Taraz şäherlerinde hem duýuldy