TIKA-nyň başlygy Serdar Çam Özbegistanda saparda bolýar

Türk iş hyzmatdaşlygy we utgaşdyryjy agentligi TIKA-nyň başlygy Serdar Çam Özbegistanda saparda bolýar

870919
TIKA-nyň başlygy Serdar Çam Özbegistanda saparda bolýar

Serdar Çamyň ýolbaşçylygyndaky türk resmi wekiliýeti Özbegistanyň Daşarky söwda ministri Hojaýew bilen duşuşdy.

Hojaýew duşuşykda Prezident Şawkat Mirziýoýewiň oktýabr aýynda guran resmi saparyndan soň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin tagalla edýändiklerini nygtady.

Özbek ministr iki ýurduň arasyndaky daşarky söwda mukdarynyň 1,2 milliard dollarabar barabardgyny we iki ýurduň şol mukdary 5 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýändigini belledi.

Türkiýe bilen birnäçe ugurda hyzmatdaşlyk edip söwda mukdaryny artdyrmak isleýändiklerine ünsi çeken Hojaýew, Özbegistanyň bu meselede ähli mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmaga taýardygyny ýatlatdy.

TIKA-nyň Başlygy Serdar Çam hem TIKA Özbegistan bilen edýän gatnaşyklaryny pugtalandyrmak isleýändiklerini belledi.

 



Degişli Habarlar