TÜRKPA agza ýurtlaryň mejlis başlyklary Bşkekde jemlenişer

Maslahatda TÜRKPA-nyň güýçlendirilmegi meselesi ara alnyp maslahatlaşylar

860888
TÜRKPA agza ýurtlaryň mejlis başlyklary Bşkekde jemlenişer

 

TÜRKPA agza ýurtlaryň mejlis başlyklary 8-nji dekabrda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkekde jemlenişer.

Türki dilli ýurtlaryň Parlamentarlar Assambleýasy TÜRKPA agza ýurtlaryň mejlis başlyklarynyň 7-nji maslahaty 8-nji dekabrda Bişkekde geçirler.

Gyrgyz Respublikasynyň metbugat gullugyndan berlen beýanata görä, Mejlisiň başlygy Dastanbek Jumabekowyň ýolbaşçylygynda geçirjek maslahata Özbegistan hem abraýly myhman hökmünde gatnaşar.

Wengriýa hem TÜRKPA-nyň maslahatyna synçy statusy bilen gatnaşar.

Maslahatda TÜRKPA-nyň güýçlendirilmegi meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.

Gyrgyz Respublikasy TÜRKPA-nyň döwürleýin ýolbaşçylygyny Gazagystandan kabul edip alar.



Degişli Habarlar