Gazagystan Russiýa kireýine beren ýeriniň bir bölegini yzyna aldy

Gazagystan Baýkonur kosmos bazasy üçin Russiýa kireýine beren ýeriniň 11 müň gektarlyk bölegini yzyna aldy

848203
Gazagystan Russiýa kireýine beren ýeriniň bir bölegini yzyna aldy

Gazagystanyň Goranmak, awiasia we kosmos senagaty ministrliginiň beren ýazmaça beýanatynda Russiýa bilen Gazagystanyň arasynda 1994-nji ýylyň 10-njy dekabrynda gol çekişilen Baýkonur howa bazasynyň kireýine berilmegi bilen bagly şertnama üýtgeşikler girizmeklik baradaky protokolyň kabul edilendigi habar berilýär.

Beýanatda protokola görä Akaý we Toretam obalarynyň arasyndaky 11 müň gektarlyk ýeriň Baýkonur bazasy üçin Russiýa tarapyndan kireýine berilen ýeriň düzüminden aýrylyp, sosial we ykdysady infrastrukturasynyň özgerdilmegi üçin Kyzylorda welaýatyna berilendigi mälim edildi.

Gazagystanyň hökümeti Baýkonur bazasy üçin Kyzylorda welaýatyndaky 6717 inedördül metrlik ýer bilen Baýkonur şäherini 2050-nji ýyla çenli Russiýa kireýine beripdi.



Degişli Habarlar