Türki dilli ýurtlaryň we garyndaş halklaryň Milli kitaphanalar bileleşigi döredildi

Taslama Azerbaýjan, Başgyrdystan, Gauz ýeri, Gazagystan, DKTR, Gyrgyz Respublikasy, Özbegistan, Tataristan we Türkiýe esaslandyryjy agza hökmünde gol goýdy

841334
Türki dilli ýurtlaryň we garyndaş halklaryň Milli kitaphanalar bileleşigi döredildi

 

Halkara Türk medeniýet guramasy TÜRKSOÝ-yň gatnaşmagynda Antalýada oktýabr aýynyň 30-y bilen noýabr aýynyň 2-si aralygynda geçirlen Türki dilli ýurtlaryň we garyndaş halklaryň milli kitaphanalarynyň başlyklarynyň maslahatynyň çäginde Türki dilli ýurtlaryň we garyndaş halklaryň Milli kitaphanalar bileleşigi döredildi.

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretarynyň orunbasary Fyrat Purtaş maslahatda eden çykyşynda Türki dilli ýurtlaryň we garyndaş halklaryň Milli kitaphanalar bileleşigi döredilmeginiň Türk dünýäsi taýdan diýseň möhümdigine ünsi çekdi.

 Fyrat Purtaş Türki dilli ýurtlaryň arasynda ilkinjileriň hatarynda kitaphanalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň konstruktiw häsiýete eýe bolandygyny aýratyn belledi.

Maslahatda Türki dilli ýurtlaryň we garyndaş halklaryň Milli kitaphanalar bileleşiginiň statusy hakyndaky taslama tekst milli kitaphanalaryň başlyklaryna hödürlendi.

Taslama Azerbaýjan, Başgyrdystan, Gauz ýeri, Gazagystan, DKTR, Gyrgyz Respublikasy, Özbegistan, Tataristan we Türkiýe esaslandyryjy agza hökmünde gol goýdy.

Bosniýa-Gersogowinanyň, Makedoniýanyň, Kosowanyň we Mongoliýanyň milli kitaphanalarya bolsa synçy statusy berildi.

Taslamanyň bir agyzdan tassyklanylmagyndan soň Türki dilli ýurtlaryň we garyndaş halklaryň Milli kitaphanalar bileleşigi TÜRKÜBIR-iň döredilendigi yglan edildi.

Resmi dili türkçe hökmünde kesgitlenilen we merkezi Ankarada ýerleşjek TÜRKÜBIR öz işini üç dilde türk, rus we iňlis dillerinde alyp barar.

 



Degişli Habarlar