Türkiýäniň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasyndaky duşuşyk

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan iş sapary bilen Stambul şäherine gelen Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy

767476
Türkiýäniň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasyndaky duşuşyk

Stambulda ýerleşýän Tarabýa köşgünde iş naharynda bir ýere jemlenen Erdoganyň we Aliýewiň duşuşygy metbugata ýapyk ýagdaýda 1 sagat 45 minut dowam etdi.

Erdogan Azerbaýjanyň Prezidentli Aliýew bilen Bosfor bogazy hem görünýän bilelikde düşen suratlaryny sosial media hasabyndan paýlaşdy.

Türkiýäniň Prezidenti suratyň aşagyna “Doganym Aliýew bilen Stambulda ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy we sebitleýin meseleleri ele aldyk. Doganlyk gatnaşyklarymyz güýçlenip dowam eder” diýip ýazdy.



Degişli Habarlar