Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasy dartgynlaşýar

Azerbaýjanyň Ýaragly güýçleri sebitdäki asuda ilat ýitgilerinden soň, hüjüm guramak üçin taýarlyk görýän ermeni güýçlerini nyşana alyp, hüjüm gurady

766748
Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasy dartgynlaşýar

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi Fuzuli-Hojawent liniýasynda hüjüm guramak üçin taýarlyk görýän Ermenistanyň harby toparlaryna hüjüm guralandygyny habar berdi.

Guralan operasiýada köp sanda ermeni esgeriň ölendigi, harby ulag we desgalaryň ýok edilendigi mälim edildi.

Azerbaýjanyň hökümeti Daglyk Garabag sebitinde dartgynlaşan ýagdaý sebäpli goşunyň taýarlykly garaşdyrylýandygyny habar berdi.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi mesele bilen baglanşykly beren beýanatynda: "Duşmanyň Azerbaýjanyň asuda ilatyna we harbylaryna garşy hüjümleriň öňüniň alynmagy, mundan başgada od açylan ýere garşylyk görkezilmegi maksady bilen goşun söwejeň taýarlyga geçirildi" diýildi.

 



Degişli Habarlar