Ermenistanyň ýaragly güýçleri front liniýasyndaky asuda ilata garşy ot açdy

Beýanatda hüjümde ölen-ýiteniň bolmandygy nygtaldy

742940
Ermenistanyň ýaragly güýçleri front liniýasyndaky asuda ilata garşy ot açdy

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berlen beýanatda Ermenistanyň ýaragly güýçleriniň Terter, Agdam we Fuzuli welaýatlarynda asuda ilata garşy ot açandyklary nygtaldy.

Beýanatda hüjümde ölen-ýiteniň bolmandygy nygtaldy.

Azerbaýjanyň ýaragly güýçleriniň hem hüjüme ot açmak bilen garşylyk görkezendigi bellenildi.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi şuňa meňzeş prowakasiýalar dowam eden halatynda uzak menzilli toplar bilen Ermenistanda asuda ilatly ýerleriň nyşana alynjakdygy duýduryşyny berdi.

 



Degişli Habarlar