Gazagystan latin elipbiýinde Türkiýäniň nusga alar

Günorta Gazagystan welaýatynyň häkimi Janseýit Tuýmebaýew ýurdunyň latyn elipbiýine geçmeginde Türkiýäni nusga aljakdyklaryny mälim etdi

735672
Gazagystan latin elipbiýinde Türkiýäniň nusga alar

Häkim Janseýit Tuýmebaýew Merkezi aragatnaşyk hyzmatlary binasynda Günorta Gazagystan welaýatynyň sosial-ykdysady ýagdaýy bilen baglanşykly geçirilen maslahatda Gazagystanyň latyn elipbiýine geçilmegi bilen bagly soraga: "Biz latyn elipbine geçmeýäris, biz latyn elipbiýine gaýdyp gelýäris" diýdi.

Ähli Türki dilli döwletleriň 1929-1940-njy ýyllar aralygynda latyn elipbiýini ulanandygyny ýatladan Tuýmebaýew Türkiýe bilen Gazagystanyň bir wagtda latyn elipbiýini ulanmaga başlandygyny emma, SSSR-iň lideri Iosif Staliniň bir günde latyn elipbiýini kirillisa öwürendigini belledi.

 

 



Degişli Habarlar