Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkyny Ýeňiş Baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň halkyny Ýeňiş Baýramy bilen gutlady

Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkyny Ýeňiş Baýramy bilen gutlady

1941-1945-nji ýyllar XX asyrda parahat durmuşa we siwilizasiýa gymmatlyklaryna, dünýä ykdysadyýetine hem-de medeniýetine öwezini dolup bolmajak zyýan ýetiren iň pajygaly, agyr we hasratly döwür hökmünde taryha girdi,-diýlip gutlagda aýdylýar.

Şol gazaply ýyllarda türkmenistanlylar geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşynyň, tutuş adamzadyň erkinligni hatyrasyna beýleki halklaryň wekilleri bilen egin -egne berip, gaýduwsyz göreşe girdiler. Ildeşlerimiz deňi-taýsyz gaýduwsyzlygyň , edermenligiň we borja wepalylygyň nusgasyny görkezip, Beýik Ýeňşiň senenamasyna şöhratly sahypalar ýazdylar.

1418 gün dowam eden gazaply döwürde türkmenistanly esgerleriň müňlerçesi söweş ýollaryny geçdiler, edermenligi we gaýduwsyzlygy üçin Gahryman adyna, orden-medallara mynasyp boldylar.

Türkmenistanyň ilaty başdan-aýak erteki güne ynam baglap we Watana çäksiz söýgi bilen atyzlarda ýokary hasyl ýetişdirip, armany-ýadamany bilmän , jan aýamaýazakly zähmet çekip, Beýik Ýeňşe mynasyp goşant goşdy.

Asudalygyň we maşgala abadançylgyny gorap saklan enelerimizdir mamalarymyz, zenanlarymyz Goranmak gaznasyna 7392 kilogram altyndyr kümüş şaý-sepleri tabşyryp,asyllylygyň nusgasyny görkezdiler we faşizmden üstün çykylyp gazanylan Ýeňşe mynasyp goşant goşdylar.

Ondan bäri onlarça ýyl geçse-de, şol ýyllaryň gahrymançylygy ildeşlerimiziň edermenligine buýsanç döredip, häzirki günlerem ýüregimizde saklanýar, biz olaryň ölmez-ýitmez gaýduwsyzlygyna baş egip sarpa goýýarys,-diýlip gutlagda aýdylýar.

Parahatçylyk, ynsanperwerlik we hoşmeýililik ýörelgelerine hemişe ygrarly Türkmenistanda Ýeňiş Baýramy giňden dabaraly bellenilýär. Biz gazaply söweş meýdanynda gaýdusyzlyk we edermenlik görkezen milli gahrymanlarymyzyň, tylda Ýeňşe goşant goşan şöhratly zähmetkeşlerimiziň hatyrasyny belent tutýarys.

Ýeňiş Baýramynyň maksatnamasyna laýyklykda biz Watan ogullarynyň synmaz edermenligine, gaýduwsyzlygyna we batyrgaýlygyna çuňňur sarpa goýup, Aşgabatdaky „Halk hakydasy“ Ýadygärlikler toplumyna bahar güllerinden çemenler goýýarys. Ýurdumyzyň şäherlerindäki we obalaryndaky şol elhenç urşuň gahrymanlarynyň hatyrasyna bina edilen ýadygärliklerdir heýekllere-de gül desseleri goýulýar.

Köpsanly baýramçylyk dabaralary- uzak garaşdyran Ýeňşe mynasyp goşant goşan urşa gatnaşan weteranlar, tylda zähmet çekenler, mähriban enelerimiz bilen duşuşyklar geçirilip, olar dabaraly ýagdaýda gutlanylýar, maslahatlar, konsertler, sport bäsleşikleri gurnalyp, bu çäreler ösüp gelýän ýaş nesilde ýokary ruhy-ahlak sypatlaryny kemala getirmäge, ýaşlary watanperwerlik, ynsanperwerlik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemäge ýardam edýär.

Sizi tüýs ýürekden Ýeňiş Baýramy bilen gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, parahat we bagtyýar durmuşda uzak ömür, Watanymyzyň abadabçylygynyň hatyrasyna işiňizde üstünlikler arzuw edýärin, --diýlip Prezidentimiziň gutlagynda nygtalýar. (TDH)



Degişli Habarlar