Merkezi Aziýa+Ýaponiýa Dialogyna Gatnaşy Ýurtlaryň Daşary İşler Ministrleriniň Aşgabat Mejlisi

Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýaponiýa Dialogyna girýän ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň derejesindäki 6-njy maslahaty Türkmenistanyň ýer eýeçiliginde Aşgabatda geçirildi

Merkezi Aziýa+Ýaponiýa Dialogyna Gatnaşy Ýurtlaryň Daşary İşler Ministrleriniň Aşgabat Mejlisi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen birlkde Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Fumio Kişida, Täjigistanyň Daşary işler ministri Riožidin Aslow, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Erlan Abduldaýew, Gazagystanyň Daşary işler ministri Kaýrat Abdurahmanow we Özbegistanyň Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow gatnaşdy.

Maslahatdan soň berilen bilelikdäki beýannamada sebitleýin howpsyzlyk, söwda we ykdysady maýa goýumlary, ynsanperwer we medeni gatnaşyklar bilen daşky gurşaw hem-de tebigy apatlar boýunça pikir alyşylandygy, hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky teklipleriň seljerilendigi nygtaldy. Gatnaşyjylaryň ýurtlaryň hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak maksady bilen Transport we logistika boýunça sebitleýin iş meýilnamasy kabul edildi.

Daşary işler ministrleriniň bilelikdäki beýannamasynda Dialog toparynyň hyzmatdaşlygynyň ähli gatnaşyjy ýurtlaryň bähbitlerine laýyklykda netijeli dowam edýändigine üns çekildi. Beýannamada 2017-2018-nji ýyllar boýunça işleriň Täjigistanyň ýolbaşçylygynda dowam etdirilmegi we 2018-nji ýylda geçiriljek Daşary işler ministrleriniň 7-nji maslahatynyň Duşenbe şäherinde geçirilmegine karar berilendigi nygtaldy.

2004-nji ýylda segbitleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini höweslendirmek maksady bilen Ýaponiýa tarapyndan döredilen Orta Aziýa+Ýaponiýa Dialogy 2015-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň ýolbaşçylygynda dowam edýärdi.



Degişli Habarlar