Türkmenistanda At baýramy giňden bellenilip geçilýär

Şu gün Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynda gurulan Halkara At karantin merkeziniň hem açylyşy bolar

723163
Türkmenistanda At baýramy giňden bellenilip geçilýär

Türkmenistanda 1992-nji ýyldan bäri her ýylyň aprel aýynyň soňky hepdesinde bellenilip geçilýän At baýramynyň şu ýylky dabaralary Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara Ahal teke atçylyk bileleşiginiň 7-nji maslahatyny açmagy bilen başlady.

Maslahata tapawutly ýurtlardan gelen hünärmenler, Ministrler kabinetiniň mejlisiniň agzalary we Türkmenatlary döwlet birleşiginiň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Ahal teke atlarynyň türkmen halkynyň milli hazynasy we abraýydygyny aýdan Berdmihamedow atçylygyň ösdürilmegi üçin möhüm taslamalary durmuşa geçirýändiklerini we köp mukdarda maýa goýulandygyny habar berdi.

Dabaranyň beýleki bir salgysy bolsa Türkmenistanyň Söwda we senagat edarasynyň maslahaty we sergisi boldy.

Bu ýerde IX Türkmen Atlary we Bütindünýä At ýetiştirijiligi sungaty temaly halkara konferensiýa we sergi geçirildi.

Kojaeli uniwersitediniň Atçylyk hünärment mekdebiniň müdürligi bilen atçylyk babatynda enjam we ata degişli zatlary öndürýän türk firmalary hem maslahata gatnaşdylar.

At ministrligi bolan dünýäde ýeke täk ýurt aýratynlygyna eýe bolan Türkmenistan üçin At baýramy iň wajyp milli baýramlaryň biridir.

Baýramçylyk gününde resmi dabaralar bilen birlikde ýaryşlar we dürli-dürli ýaryşlarda ilkinji orunlara mynasyp bolanlara sylaglar beriler.

Şu gün Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynda gurulan Halkara At karantin merkeziniň hem açylyşy bolar.

  



Degişli Habarlar