Daşary işler ministri Çawuşogly Özbegistana bardy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Daşkendäki saparynyň çäginde ilki bilen türk we özbek işewür adamlary bilen duşuşdy

720584
Daşary işler ministri Çawuşogly Özbegistana bardy

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň artdyrylmagy üçin işewür adamlarynyň garaýyşlary dinleňdi.

Çawuşogly saparynyň ikinji gününde bolsa özbek kardeşi Abdulaziz Kamilow bilen özara duşuşyk geçirdi.

Soň iki ministr bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi.

Çawuşogly duşuşykda syýasy, ykdysady we syýahatçylyk ugurlary bilen birlikde ähli taraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi barada pikir alyşandyklaryny aýtdy.

Özara saparlaryň dowam etjekdigini beýan eden Çawuşogly; “Üstümizdäki ýylyň dowamynda Prezidentleriň maslahaty bilen gatnaşyklarymyzy çarpaýa galdyrarys” diýdi.

Daşary işler ministri Çawuşogly saparynyň çäginde Senatyň başlygynyň 1-nji orunbasary Sadyk Safaýew we Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen hem duşuşar.

Sapar soňky döwürde depgini ýokarlaýan Türkiýe-Özbegistan gatnaşyklary taýdan uly ähmiýete eýe.



Degişli Habarlar