Aşgabatda türk we türkmen sungat ussatlarynyň konsertine uly gyzyklanma bildirildi

Doganlyk Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygy mynasybetli Aşgabat birnäçe çäre geçirild

720885
Aşgabatda türk we türkmen sungat ussatlarynyň konsertine uly gyzyklanma bildirildi

Çäreleriň dowamynda ileri tutulan ugur türkmen we türk doganlygy hem-de Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ykrar eden we Aşgabatda ilçihana açan ilkinji ýurduň Türkiýe Respublikasy bolmagy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda geçirilen maslahatda türkmen we türk alymlary Türkmenistan bilen Türkiýäniň gatnaşyklaryny seljerdiler. Maslahata köp sanly diňleýji gatnaşdy.

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy we Türkmenistanyň Medeniýet ministliginiň guramagynda geçirilen çärelerin çäginde türk suratkeşi Ýusuf Bilgäniň “Anadoly” atly surat sergisi Türkmenistanyň Amaly haşam sungatlary akademiýasynyň muzeýinde açyldy.

Surat sergisi üç günüň dowamynda sungaty söýjüleriň dykgatyna ýetiriler.

Medeniýet ministrliginiň Halk tanslary toparynyň Anadoly bölümi hem çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada bardy. Mahtymguly adyndaky Drama teatryndaky 25-nji ýyl konserti Baş ilçi Mustafa Kapujunyň we Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary Atageldi Şamyradowyň çykyşy bilen başlady.

Türk aýdym-sazlarynyň we jazyň motiwlerinden taýarlanan Karsu Dönmeziň konserti bilen türk sungat ussatlarynyň we Abadoly tans toparynyň çykyşlary myhmanlaryň göwnünden turdy. Türkmen aýdymçylarynyň türkçe aýdymlary we Anadoly toparynyň Küşdepdi tansy konserte gelenlerde ýatdan çykmajak yz galdyrdy.

Türkiýäniň Türkmenistandaky İlçisi Mustafa Kapuju 25-nji ýyl çäreleri mynasybetli banket berdi. Bankede Aşgabatda işleýän daşary ýurtlarly diplomatlar, Türkmenistanda ýaşaýan türk raýatlary we çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana baran türk alymlary bilen sungat işgärleri gatnaşdylar.



Degişli Habarlar