Eýranyň Daşary İşler Ministri Aşgabatda Saparda Bolýar

Daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifiň ýolbaşçylyk etmegindäki Eýranyň wekiliýeti syýasy geňeşmeler üçin Aşgabada bardy

Eýranyň Daşary İşler Ministri Aşgabatda Saparda Bolýar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrý Raşit Meredowyň we myhman ministr Zarifiň ýolbaşçylygyndaky toparara duşuşykda iki ýurduň syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlyk ugurlary seljerildi…

Eýran bilen Türkmenistanyň halkara guramalaryndaky başlangyçlarynda birek-biregi goldamagyna kanagatlanma bildirildi.

Duşuşykda elektrik togy, nebit, tebigy gaz we halkara ulag geçişi ýaly ugurlar seljerildi we taraplaryň bu ugurlarda hyzmatdaşlygyň artdyrylmagy barada ylalaşandyklary habar berildi.

Geçen ýylyň ahyrynda iki ýurduň arasynda tebigy gaz boýunça käbir düşnüşmezlikler başdan geçirilipdi we Türkmenistan Eýranyň töleg baradaky borçlaryny berjaý etmeýändigi sebäpli 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Eýrana akdyrylýan gazyň mukdarynyň çäklendirilendigini beýan edipdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginden alynan maglumata görä; duşuşyklarda sebitleýin we halkara meselelerde hyzmatdaşlygyň hasam ösdürilmelidigine ünsi çeken taraplar şol çäkde Hazar deňizi we Owganystana berilýän ynsanperwer kömekleri barada-da pikir alyşdylar.

Eýranyň Daşary işler ministri Jawad Zarif Türkmenistana saparynyň çäginde Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan hem kabul edildi.

 



Degişli Habarlar